Köp soralýan soraglar

Tölenilen gününi hem goşmak bilen, pensiýa gatançlarynyň töleg möhletleriniň gijikdirilip geçirilen her bir senenama güni üçin puşmana tölegi olaryň bellenilen möhletde tölenilmedik böleginiň 0,03 göterimi möçberinde salynýar.

Ätiýaçlandyrýan fiziki şahslara we olarda işleýän şahslara şular bellenilen halatynda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşmagyny bes edýärler: 1) ýaşy boýunça pensiýa; 2) gulluk ýyllary boýunça pensiýa; 3) hünär pensiýasy; 4) maýyplyk boýunça pensiýa ýa-da döwlet kömek puly, eger-de olar möhletsiz maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen bolsalar; 5) döwlet durmuş kömek puly.

Fiziki şahslar – özleri üçin, ätiýaçlandyrylan şahs hökmünde hasaba duran gününden başlap, hasapdan aýrylan gününe çenli, girdejisine garamazdan, hasabat döwrüniň her aýy üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň 10 göteriminden az bolmadyk möçberde tölemeli. (2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlanýan döwürden ulanylýar).

Möhletsiz we möhletli, möhletli bolanda bäş ýyldan köp bolmaly däl.

Zähmet kanunçylygynda zähmet şertnamasynyň möhletini uzaltmaklyk göz öňünde tutulmadyk.

Etrap we şäher zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri tarapyndan girizilýär.

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 54-nji maddasyna laýyklykda ortaça aýlyk zähmet haky möçberinde işden çykylanda berilýän kömek puly tölenilýär.

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 87-nji maddasynyň 3-nji böleginde sanalýan adamlara berlip bilner.

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan geçirilen derňewiniň netijesinde düzülen B-1 görnüşli nama arkaly.

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 72-nji maddasyna laýyklykda çalşykly işde işgärleriň her bir topary bir çalşygyň iş wagtynyň bellenilen dowamlylygynyň içinde işi geçirmelidirler, ol on iki sagatdan ýokary geçmeli däldir.

Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 74-nji maddasyna laýyklykda dynç almak hem-de naharlanmak üçin işgärlere dowamlylygy bir sagatdan az bolmadyk, ýöne iki sagatdan köp bolmadyk arakesme berilýär. Arakesme wagty iş wagtyna goşulmaýar.

Ýaşy boýunça pensiýa hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň hukugy bardyr.

Aýal maşgalalaryň ýaşy boýunça pensiýa almaga: - üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk halatynda, 56 ýaşy dolanda; - dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 18 ýyldan az bolmadyk halatynda, 55 ýaşy dolanda; - bäş we ondan köp çagany ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagany dogran we sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk halatynda, 54 ýaşy dolanda hukugy bardyr.

Gulluk ýyllary boýunça pensiýa harby gullukçy, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminden bolan erkek adamlaryň gulluk döwri 25 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 52 ýaşy dolanda şeýle hem aýal maşgalalaryň gulluk döwri 20 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 48 ýaşy dolanda hukugy bardyr.

Bellenilen tertipde Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topar tarapyndan maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk raýatlaryň maýyplyk boýunça pensiýa hukugy bardyr. Şeýle hem bellenilen tertipde Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topar tarapyndan maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşyk döwri bolmadyk ýa-da bäş ýyldan az bolan maýyplygy bolan adamlaryň maýyplyk boýunça döwlet kömek puluna hukugy bardyr.

Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy (iş döwri) bäş ýyldan az bolan ýa-da iş döwri bolmadyk adamlaryň pensiýa hukugy ýokdyr. Emma pensiýa hukugy bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň we 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň döwlet durmuş kömek puluna hukugy bardyr.

Ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa, ekleýjiniň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyrylandygyna ýa-da ätiýaçlandyrylmandygyna garamazdan, ýaşaýan wagtynda onuň doly saklamagynda bolan ýa-da ýaşamagy üçin ondan yzygiderli we esasy çeşme bolup duran kömegi alan maşgala agzalarynyň (18 ýaşy dolmadyk çagalarynyň hem-de ýokary, orta, başlangyç we umumybilim hünär edaralarynda, bilim almagyň gündizki görnüşinde okaýan 24 ýaşy dolmadyk adamlaryň) hukugy bardyr.

Çaga doglanda berilýän we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi üçin hemişelik ýaşaýan (ýazgyda duran) ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasyna ýüz tutmaly.

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna çekilen raýatlaryň pensiýa gatançlarynyň we pensiýa maýasynyň şahsy maglumatlaryny öz içine alýan, maglumatlar binýadyna girizilen, resminamalar.

Ätiýaçlandyrylan şahsyň atly pensiýa hasabyna ätiýaçlandyryjy (Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary) tarapyndan berilýän hemişelik belgi (xxx xxx xxx).

Türkmenistanyň Pensiýa gaznanyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynda.

Pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşýan fiziki şahsyň bellige alnandygyny tassyklaýan kitapça.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynda.

Ýüz tutan raýatyň arzasy esasynda pasportynyň göçürmesi we 3х4 surat.

Salgyt gullugy edarasynda hasaba alnan ýeri boýunça, Türkmenistanyň pensiýa gaznasynyň ýerli etrap pensiýa gaznasynyň bölüminde hökmany hasaba durmaly.

Pasportynyň göçürmesi, patentiniň göçürmesi we salgyt gullugynda hasaba alnandygy hakynda şahadatnamasynyň göçürmesi.

Girdejisi bolan fiziki şahslar bilen.

Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy hem-de meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy.

2 göterimden az bolmadyk möçberde tutulýar.

Birwagtlaýyn ýa-da bölekleýin.

Fiziki şahs ätiýaçlandyrýan hökmünde hasaba alnan ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynda töleg terminalynyň üsti arkaly pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça töleglerini nagt däl görnüşinde töläp bilerler.

Hawa.

Eger ätiýaçlandyrylan şahsyň şol bir wagtda telekeçilik işinden, hünärmenlik hyzmatlaryny ýerine ýetirmekden, oba hojalyk önümini öndürmekden goşmaça girdejileri bar bolsa, onda onuň girdejileriniň bir görnüşi şu bentde görkezilen girdejileriň yzygiderliligine laýyklykda hasaba alynmaga degişlidir.

Iki ýerden hem tölenilmäge degişli.