Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Hazar şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2022-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Hazar şäheriniň Himikçiler köçesiniň 15-nji ýaşaýyş jaýlar toplumynda ýerleşýän Hazar şäher Bilim bölüminiň 4-nji orta mekdebinde, sagat 15°°-dan 17°°-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Hazar şäheriniň Himikçiler köçesiniň 15-nji ýaşaýyş jaýlar toplumynda ýerleşýän Hazar şäher Bilim bölüminiň 4-nji orta mekdebi
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
+99324024370;
+99324024517.
Okamak