Aşgabat şäheriniň Zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin
hem-de Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümleri tarapyndan 2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji
jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
edara-binasynda, sagat 09:00-dan
12:00-a çenli boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi
hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny
haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
S.Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji
jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň
edara-binasy.
Habarlaşmak
üçin:
39-34-56;
39-34-64;
39-34-71;
35-12-69;
39-34-76;
22-74-07.