Lebap welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi müdirligi hem-de Türkmenabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji
ýylyň 4-nji awgustynda Türkmenabat şäheriniň
Magtymguly köçesiniň 2-nji jaýynda ýerleşýän zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Türkmenabat
şäheriniň Magtymguly
köçesiniň
2-nji jaýynda
Habarlaşmak
üçin:
+99342231728.