Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 1-nji awgustynda Baýramaly şäheriniň
Medeniýet bölüminde sagat 9:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki
boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan
resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan
resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Baýramaly şäheriniň Soltan-Sanjar
köçesiniň 17-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
800564-6-93-46.
Okamak