Mary welaýatynyň Mary etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi
bölümi 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky medeniýet köşgünde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar
berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Mary şäheriniň Mollanepes köçesiniň 51-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin
telefon belgiler:
800522-7-43-57;
800522-7-09-95.