Ahal
welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 14-nji awgustynda Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň
1-nji jaýynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň 1-nji
gatyndaky kiçi mejlisler zalynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy
telekeçileriň, özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini
tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini
tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Ak bugdaý etrabynyň Änew şäheriniň Watan köçesiniň 1-nji
jaýynda ýerleşýän Ak bugdaý etrap häkimliginiň edara binasynyň 1-nji gatyndaky
kiçi mejlisler zaly.
Habarlaşmak
üçin telefon belgisi:
+99313736714.
Okamak