Görogly etrabynyň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Görogly
etrabynyň Görogly şäheriniň A.Ataýew köçesiniň 71/B-njy jaýynda ýerleşýän
Görogly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň edara
binasynda 09:00-dan 13:00-a çenli aralykda boş iş
orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Görogly şäheriniň A.Ataýew
köçesiniň 71/B-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800340) 3-15-48
Okamak