Akdepe etrabynyň zähmet we ilatyň
iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Akdepe etrabynyň
Akdepe şäheriniň Ýedigen köçesiniň 1-nji jaýynda ýerleşýän Akdepe etrabynyň
Sport desgasynda 09:00-dan
13:00-a çenli aralykda boş
iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň,
edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky
maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün
etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň
bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet
depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Akdepe şäheriniň Ýedigen
köçesiniň 1-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800344) 2-13-28