Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Tagtabazar etrabynyň Pendi
geňeşliginiň çäginde ýerleşýän 20-nji orta mekdepde sagat 9:00-dan 12:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar
berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Tagtabazar
etrabynyň Pendi geňeşligi.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
800568-52-1-05.
Okamak