Lebap
welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Darganata etrabynyň zähmet
we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda
Darganata etrabynyň Darganata şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 44-nji jaýynda
ýerleşýän medeniýet bölüminde, sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň
hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň,
guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, özlerindäki boş iş
orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň
gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek
isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa,
zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä
gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek salgysy:
Darganata etrabynyň Darganata
şäheriniň
S.Türkmenbaşy şaýolynyň 44-nji
jaýy
Habarlaşmak üçin telefon
belgimiz:
800(445) 21-5-14