Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda
ýurdumyzda raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň göwnejaý
amala aşyrylmagy üçin şertleri döretmek boýunça çärelere döwlet syýasatynda uly
orun berilýär.
Şuňa görä-de, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrligi, Siziň zähmet hukuklaryňyzyň we kanuny bähbitleriňiziň goralmagyny
gazanmak maksady bilen, aşakdakylary ýatladýar.
Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, zähmet şertnamasy – iş
beriji bilen işgäriň arasyndaky özara hukuklary we borçlary belleýän ylalaşyk
bolup, ol zähmet gatnaşyklarynyň döremegi üçin esas bolup durýar.
Kanunçylyga laýyklykda işgäriň bellenen tertipde we şertlerde zähmet
şertnamasyny baglaşmaga hem-de ýerine ýetiren işiniň mukdaryna, hiline görä zähmet
hakyny doly möçberde almaga hukugy bardyr.
Zähmet şertnamasyny baglaşmazdan (dil üsti gürleşip) işlemek, şeýle hem
zähmet haky töleginiň doly ýa-da bölekleýin “resmi däl” görnüşde (ylalaşylyp) tölenilmegi, işgärleriň hukuklarynyň
we kepillikleriniň berjaý edilmezligi üçin şertleri döredýär.
Hususan-da bu ýagdaýlar tejribede
aşakda görkezilen meseleleriň ýüze çykmagynyň esasy sebäbi bolup durýar:
- zähmet işi we zähmet haky baradaky resmi maglumatlaryň bolmazlygy, olaryň
işgäre berilmezligi;
- rugsatlaryň berilmegine we tölenilmegine, zähmet hakynyň öz wagtynda we doly
möçberde tölenilmegine hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan
beýleki tölegleriň geçirilmegine bolan kepillikleriň berjaý edilmezligi;
- önümçilikdäki betbagtçylyk ýa-da hünär keseli netijesinde işgäriň saglygyna
zeper ýetende ýa-da ol aradan çykanda, işgäre (onuň maşgalasyna) öwezini doluş
tölegleriniň berilmezligi ýa-da az möçberde berilmegi;
- döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna serişdeleriň geçirilmezligi ýa-da az möçberde
geçirilmegi netijesinde pensiýa ýaşyna ýeten raýata pensiýanyň bellenilmezligi
ýa-da az möçberde bellenilmegi;
- zähmet jedelleri ýüze çykan halatynda, zähmet hukuklaryny we bähbitlerini
goramakda kynçylyklaryň döremegi.
Şunuň bilen baglylykda, zähmet gatnaşyklaryna degişli işleriň zähmet şertnamasy esasynda resmileşdirilmegine,
şeýle hem zähmet hakynyň kanunçylykda
bellenilen tertipde resmi tölenilmegine bolan hukugyňyzyň talap edilmeginiň möhümdigini belleýäris.
Şeýle hem beýan edilen meseleler boýunça soraglar ýüze çykan ýagdaýynda usulyýet
kömegini almak üçin Ministrlige ýa-da onuň ýerlerdäki zähmet we iş bilen
üpjünçilik edaralaryna ýüz tutup bilýändigiňizi habar berýäris.