Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynda 7-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň dabaraly tanyşdyrylyş çäresi geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar neşiriň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatynyň taryhy tejribesini we häzirki zaman ähmiýetini seljermek üçin niýetlenendigini bellediler. Kitapda bitaraplygyň kanuny we syýasy esaslary, sebit we global durnuklylygy üpjün etmekdäki orny, ýurduň parahatçylyk we ynam medeniýetiniň ösmegine goşýan goşandy öwrenilýär.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň çäginde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi guraldy.
Çeşme: Türkmenistanyň halkara habarlar merkezi