Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ýerine ýetiriji komitetiniň Moskwa şäherindäki edarasynda 22-nji ýanwarda Türkmenistanyň Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň çäklerindäki ilkinji çäre – GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynyň mejlisi geçirildi.
Duşuşykda çykyş eden türkmen döwletiniň ygtyýarly wekili, Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi we Ykdysady meseleler boýunça toparyň başlygy E.Aýdogdyýew Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylmaly wezipeleriň möçberine we derejesine doly düşünmek bilen, bu möhüm işe ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşýändigini nygtady.
Aýdogdyýew ýygnananlary 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Syýasy ulgamda döwletiň işiniň sebitleýin howpsuzlygy we ynamy pugtalandyrmaga, bitaraplyk ýörelgelerini öňe sürmäge, GDA-nyň parahatçylykly dialog we özara düşünişmek üçin meýdança hökmündäki ornuny berkitmek maksady bilen diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdiriljekdigi nygtaldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan GDA-da başlyklygynda ykdysady, ulag we energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny ilerletmegi maksat edinýär. Bu ýerde "GDA-nyň ykdysady ösüşiniň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasy" esasy çelgi bolup durýar.
Ýygnananlar türkmen döwletiniň wekilini Türkmenistanyň GDA-da başlyklygynyň başlanmagy bilen mähirli gutladylar hem-de bu babatda doly goldaw berjekdiklerini aýdyp, öňde duran jogapkärçilikli işde üstünlikleri arzuw etdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi