Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, “Oýun adamzat üçin: sport we saz hemmeler üçin” mowzugynda geçiriljek sergä ýurdumyzyň milli pawilýonynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň owazy, saglygyň mekany” diýen şygar astynda gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini aýtdy hem-de Belgrad şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2027» Bütindünýä sergisine gowy taýýarlyk görmegi we bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti