Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gurbanmämmet Elýasow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezident Diwanynyň daşary syýasat meseleleri bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de 2025-nji ýylyň jemlerine ýokary baha berip, ony türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň taryhynda täze, aýdyň sahypa hökmünde bellediler.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda 2026-njy ýylda Türkmenistanda we Azerbaýjanda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara forumlar, duşuşyklar we beýleki çäreler bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň güýzünde Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna aýratyn ähmiýet berildi. Azerbaýjanyň bu hyzmatdaşlyk formatynyň doly hukukly agzasy hökmünde ilkinji gezek gatnaşmagynyň sebit hyzmatdaşlygyny we dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi