Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz çagalaryň hem-de ýaşlaryň öňünde milli sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygyny alamatlandyran waka mynasybetli çykyş etdi.
Milli Liderimiz ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine geldi. Ýapyk manežde “At — myrat” okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri babatda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy.
Milli Liderimiz bu ýerde çagalaryň atçylyga degişli hünärleri saýlap almaklary üçin hemme mümkinçilikleriň döredilendigini aýdyp, olarda bedewlere söýgini artdyrmak maksady bilen, okuw merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadynyň berilýändigini aýtdy.
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine gelende, Gahryman Arkadagymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary tarapyndan mähirli garşylanyldy. Milli Liderimiz toparyň agzalary bilen mähirli salamlaşyp, olary 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinde gelip gowşan hoş habar bilen tüýs ýürekden gutlady. Mälim bolşy ýaly, Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna goşan uly goşandy üçin halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bagtyýar halkymyz üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.
“Türkmen milli atçylyk sungatynyň at-abraýyny belende galdyrmakda alyp barýan işleriňiz üçin hormatly Prezidentimiz sizi gutlap, öz minnetdarlygyny bildirdi. Döwlet Baştutanymyz toparyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, sizi 3 million manat bilen sylaglamak barada karara geldi” diýip, Gahryman Arkadagymyz degişli çözgüdi mälim etdi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde iş maslahatyny geçirdi. Onda atçylyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti