12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine, şeýle hem öňde duran duşuşyklaryň we bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyna aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn gün tertibi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Köptaraplaýyn platformalaryň, hususan-da, GDA-nyň we Hazarýaka döwletleriň formatynyň çägindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem ministrler iki ýurduň diplomatik gullugynyň işgärleriniň hünär baýramlary mynasybetli birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi