Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 13-nji fewralda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde “Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowyň belleýşine görä, Maksatnamanyň taslamasynda 2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi.
Mundan başga-da wise-premýer maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdandygy barada hasabat berdi.
2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda jemi öndürilen önüm 10,2 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda kadaly önümçilik netijeleri gazanyldy.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 11,9 göterim ýokarlandy. Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
2025-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň meýilnamasy doly ýerine ýetirilip, ol 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti