Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew 13-nji fewralda hökümeyiň giňişleýin mejlisinde gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 113,2 göterime deň boldy.
Şeýle-de wise-premýer 2026-njy ýylyň dowamynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi hem-de gatnaşylmagy meýilleşdirilýän atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynda göz öňünde tutulýan dabaraly çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli bu Maksatnamanyň işlenip taýýarlanandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýylyň dowamynda ýurdumyzda, şeýle hem daşary ýurtlarda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyryp, bu ugurda taýýarlanan degişli resminama gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, ýurdumyzda oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň hasabyna azyk howpsuzlygyny berkitmek, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we taýýar önümleri öndürmek boýunça önümçilikleri yzygiderli döwrebaplaşdyrmak babatda işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti