Almaty şäherindäki Abylaý Han adyndaky gazak Halkara gatnaşyklary we dünýä dilleri uniwersitetinde 13-nji fewralda 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly çäre geçirildi.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Gazagystanyň asyrlardan bäri dowam edýän hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, umumy medeni we taryhy gatnaşyklary bilen baglanyşyklydygyny bellediler. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup hyzmat edýär.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň "Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly" atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Gatnaşyjylar bu neşiriň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen we goldawyny gazanan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň taryhy tejribesini öwrenmegiň we onuň häzirki zaman ähmiýetine köptaraplaýyn düşünmegiň netijesidigini bellediler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň şygarynyň Garaşsyzlygy, halkara derejede ykrar edilen Bitaraplygy we Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşe we dünýä jemgyýetçiligi bilen açyk gepleşiklere ygrarlylygyny alamatlandyrýandygyny nygtadylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi