«Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny, 3 müň 380 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 80 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalardyr binalaryň gurluşygyna badalga berler. Şeýle hem birnäçe binalaryň we desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bu barada 13-nji fewralda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz belledi.
“Biz şu ýyl Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 30 sany ýaşaýyş jaýyny hem-de köp sanly söwda we hyzmatlar öýlerini, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda 46 sany häzirki zaman ýaşaýyş jaýyny, paýtagtymyzda 127 sany iki gatly kottej görnüşli ýaşaýyş jaýyny, 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurup ulanmaga tabşyrarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.