Balkanabat şäherinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişlikde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabara geçirildi.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary, ilki bilen, Balkanabat şäheriniň Uzboý köçesiniň ugry boýunça badalga berlen ýörişe gadam goýdular. Olar şäheriň «Türkmeniň ak öýi» binasyna çenli ýoly ýokary ruhubelentlikde geçdiler.
Dabaranyň dowamynda Balkan welaýatynyň tans we halk döredijilik toparlarynyň türkmen toýlaryna mahsus milli däp-dessurlary, şeýle-de «Gelin alyjy» toýundan parçalary görkezmegi tolgundyryjy, şowhunly pursatlary özünde jemledi.
Özboluşly baýramçylyk ruhunda geçen dabaralar «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda dowam etdi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dabaranyň dowamyndaky görkezen çykyşlary balkanly tomaşaçylaryň çäksiz hormatydyr söýgüsine mynasyp boldy. Sirk ussatlarynyň bedewleriň üstündäki sazlaşykly hereketleri, görkezen oýunlarydyr çylşyrymly tilsimleri-de «Türkmeniň ak öýi» binasynyň üç müň orunlyk tomaşa zalyny dolduryp oturan janköýerleriň şatlyk-şowhunyny has belende galdyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti