Türkmenistanda geçen ýylyň ýeňiji etrabyna 1 million amerikan dollaryny gowşurmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy diýlip yglan edilen Köneürgenç etrabyna 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Dabara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda açylyp ulanmaga berlen Bitaraplyk şäherçesinde guraldy.

Çärä ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň 2025-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ilatyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler esasynda sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara öňdebaryjy sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek babatda wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Çykyş edenler halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak üçin edýän aladasy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, welaýatlarda döwrebap durmuş-ykdysady düzümleri döretmäge berýän uly ünsi üçin etrabyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Dabara bagtyýar döwrümizi wasp edýän ajaýyp aýdym-sazlar bilen jemlendi. Şeýle hem Bitaraplyk şäherçesindäki “Köneürgenç” toý mekanynda şanly waka mynasybetli toý sadakasy berildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň