Aşgabatda ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog geçirilýär

Aşgabatdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Bütindünýä saglygy goraýyş çygrynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli dialog” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady.

Türkmen tarapynyň wekili foruma gatnaşyjylary mübärekläp, häzirki döwrüň lukmançylyk ulgamynda ählumumy meseleleri çözmek üçin täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi. Bu gün saglygy goraýyş diňe bir hünär ulgamy däl-de, eýsem, daşary syýasatyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan lukmançylyk diplomatiýasyna halklaryň arasynda ynanyşmagy we raýdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde garaýar.

Forumyň açylyş dabarasynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti edarasynyň sebitleýin direktory Hans Klýuge hem çykyş etdi. Ol BSGG-niň tagallalaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty saglygy goraýşyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň bähbitlerine hyzmat etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar.

Maslahatyň dowamynda Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary hem tejribelerini we garaýyşlaryny paýlaşdylar. Olaryň çykyşlarynda sebit hyzmatdaşlygynyň anyk ugurlarynda işgärleri taýýarlamak babatda tejribe alyşmak hem-de lukmançylyga innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine üns çekildi.

Ählumumy saglygy goraýyş ulgamynda diplomatiýa boýunça ýokary derejeli halkara okuw maslahatynyň birinji gününiň netijeleri Aşgabadyň sebitiň intellektual merkezi hökmünde eýeleýän ornuny ynamly pugtalandyrýandygyny görkezdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň