Ýaşlar Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy mynasybetli fotosuratlar boýunça bäsleşige çagyrylýar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň fotosuratlary düşürmek bilen meşgullanýan ýaşlarynyň hem-de ýaş fotohabarçylarynyň arasynda «Garaşsyzlyk bilen galkynan gözel Diýar» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige gatnaşyjylar Garaşsyzlyk ýyllarynda oba hojalygynda gazanylan üstünlikleri, täze gurlup, ulanylmaga berlen desgalary, Watanymyzyň tebigatynyň gözel künjeklerini şöhlelendirýan fotosuratlaryny hödürläp bilerler. Bäsleşige hödürlenýän fotosuratlar ozal gazet-žurnallarda çap edilmedik we başga bäsleşiklere hödürlenilmedik bolmalydyr.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler 35 ýaşdan uly bolman, olar öz işlerini şu ýylyň maý aýyna çenli «Garaşsyzlyk bilen galkynan gözel Diýar» diýen ýazgy bilen hödürläp, onuň ýanyna özleri baradaky maglumatlary (maglumatnama, pasportynyň nusgasy, 2 sany 3x4 ölçegdäki fotosuraty, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, telefon belgisi) goşmalydyrlar.

Bäsleşige hödürlenen işler ýörite eminler topary tarapyndan seljeriler. Eminler 2026-njy ýylyň maý aýynda bäsleşigiň netijelerini jemlärler. Ýeňijilere Hormat haty we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar.

Bäsleşige hödürlenýän işleri şu salga ibermeli: Aşgabat şäheri, 744604, Garaşsyzlyk şaýoly — 100, Erkin döredijilik mekany, «Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy.

E-mail salgysy: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

«Bereketli toprak» gazetiniň redaksiýasy: 38-60-64, 38-60-70;
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-89-99, 44-88-82.

 


Yza

Şeýle hem okaň