Ankara şäherinde 2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni wakadyr.
16-njy fewralda TÜRKSOÝ-yň binasynda Türkmenistanyň Kino günleriniň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygaryna, şeýle hem Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň 100 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Şamyradow maslahatdaky çykyşynda 2026-njy ýylyň şygarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny beýan edýändigini, täze üstünliklere ymtylmagyň nyşany bolup hyzmat edýändigini hem-de milli medeniýetiň we sungatyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Maslahatyň dowamynda «Türkmenfilm» birleşiginiň dörediliş taryhyny we ösüşiniň esasy tapgyrlaryny beýan edýän filmler görkezildi, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlileri barada dokumental film görkezildi.
Türkmenistanyň Kino günleriniň esasy wakasy 17-nji fewralda Ankaranyň Yaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň dabaraly görkezilişi boldy.
Film görkezilişiniň öňüsyrasynda medeni merkezde 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan fotosergi guraldy. Film görkezilişinde çykyş eden TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Sultan Raýew Türkmenistanyň Kino günleriniň Türkiýe Respublikasynda geçirilmeginiň türki halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädimdigini belledi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti