Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam telefonlar üçin goşundysy işe girizildi. Ol ulanyjylara gündelik täzelikler, Daşary işler ministrliginiň we onuň ulgamyna girýän edaralaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň işi barada maglumatlar bilen tanyşmaga ýardam edýär hem-de ýerli ulanyjylara konsullyk hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin onlaýn nobata durmak mümkinçiligini hödürleýär.
Ykjam telefonlar üçin goşundy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine degişli maglumatlaryň bir ýerde jemlenmegini üpjün etmek bilen, türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterlidir.
Goşundyny Google Play we App Store-dan mugt ýükläp alyp we peýdalanyp bolýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi