Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagyny almagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
“Eziz Watanymyzda bedew batly ösüşleriň giňden dabaralanýan günlerinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýokary sylagy bilen sylaglanylmagyňyz Siziň baştutanlygyňyzda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işlere, Bitarap Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmekdäki halkara başlangyçlaryna berilýän ýokary bahadan nyşandyr. Diýarymyzda lukmançylyk hem-de ylmy diplomatiýa babatda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary öňe sürlüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
“Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we BMG-niň düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesi milli saglygy goraýyş ulgamynyň dürli ugurlary boýunça ençeme bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Türkmenistanyň jemgyýetçilik saglygy goraýşyny üpjün etmek ugrunda drakunkulýozyň, poliomielitiň, gyzzyrmanyň, gyzamyk we gyzylja ýaly ýokanç keselleriň doly soňuna çykylandygy, duzuň ýodlaşdyrylandygy, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy barada ýurdumyza halkara güwänamalardyr şahadatnamalar gowşuryldy. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy eneligi we çagalygy goramak meselelerinde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny goldaýar, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça milli strategiýalary, hereketleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlamakda goldaw berýär. Şeýle-de bu gurama we Türkmenistan 2035-nji ýyla çenli inçekeseliň dünýäde ýaýramagyny ýok etmek maksady bilen, inçekesele garşy göreşmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda belledi.
Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine amala aşyrýan beýik işlerinde rowaçlyk arzuw etdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti