Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşi Serdar Berdimuhamedowa yslam ymmatynyň hemişe uly şatlyk bilen garşy alýan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.
“Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Milli gymmatlyklary, däpleri özara utgaşýan, ýokary ahlak ýörelgelerine eýerýän halklarymyz bu mukaddes aýy parahatçylyk, asudalyk, özara hormat goýmak, ýakyn dostluk ruhunda garşylaýar. Munuň özi biziň kalplarymyzy aýratyn hoşniýetlilik bilen gurşaýar.
Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde soňky ýyllarda ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylyp, halklarymyzyň umumy abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär” diýip, Özbegistanyň Prezidenti belledi.
Mirziýoýew hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirýän işlerinde täze üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mukaddes Oraza aýy mynasybetli Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň başlygy Muhammad Ýunus Al-Manfiden hem gutlag hatyny aldy. Ol öz hatynda iki ýurdyň halklarynyň bähbitlerine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti