Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda 17-nji fewralda 2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlap, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli çäre geçirildi.
Çykyşlarda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň hemişelik bitaraplyk, netijeli halkara gatnaşyklary hem-de sebit we ählumumy derejede ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Şu nukdaýnazardan parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmekde türkmen diplomatiýasynyň ähmiýeti nygtaldy.
Bu çäre oňa gatnaşyjylary 2026-njy ýylyň nyşany we diplomatik işgärleriň hünär baýramy babatda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyrmak üçin mümkinçilik döretdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi