Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 18-nji fewralda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi.
Çäreleriň meýilnamasy bäş esasy ugry öz içine alýar. Olar guramaçylyk taýýarlygyny, halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmekligi, bilim we maglumat beriş başlangyçlaryny durmuşa geçirmegi, halkara we ikitaraplaýyn çäreleri guramagy, şeýle hem ýaşlar we ylmy başlangyçlary goldamagy öz içine alýar.
Halkara hukugyny ählumumy parahatçylygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň esasy hökmünde berkitmäge, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň durnuklylygy we hyzmatdaşlygy saklamakdaky möhüm syýasy-hukuk guraly hökmünde mümkinçiliklerini giňden açyp görkezmäge aýratyn üns berilýär.
Maglumat taýdan üpjünçiligiň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň resmi internet sahypasynda Halkara hukugyň ýylyna bagyşlanan ýöriteleşdirilen maglumat bölümini döretmek, şeýle hem milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňişleýin düşündiriş işlerini alyp barmak göz öňünde tutulýar.
Maslahatyň jemleri boýunça degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň işjeň utgaşykly hyzmatdaşlyga taýýardygy tassyklanyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi