Lebap welaýatynyň Türkmenabat we Kerki şäherlerinde 2025-nji ýylyň dowamynda 150-ä golaý maşgala köp gatly ýaşaýyş jaýlaryna göçüp bardy.
Prezident maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda geçen ýyl 95 müň inedördül metrden gowrak täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisindäki çykyşynda 2026-njy ýylda ýurt boýunça 900 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik etmegiň möhümdigini nygtady.
Çeşme: “Türkmen gündogary” gazeti