Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.
Gahryman Arkadagymyz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we Arkadag şäherinde golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, bu babatda özara tejribe alyşmagyň meselelerine ünsi çekdi.
Jon Riz Milli Liderimiz bilen bolan duşuşykdan soňra, Türkmenistanda golf meýdançasyny gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigini habar berdi. Bellenilişi ýaly, Hazar deňziniň kenarynda guruljak golf toplumy sportuň bu görnüşine höwes edýän ýaşlar üçin niýetlenen iki sany meýdançany öz içine alar. Olaryň birinde özara bäsleşikleri guramak mümkinçiligi üpjün ediler. Bu meýdançada golf klubunyň agzalary dürli türgenleşikleri geçirip bilerler we onda halkara ýaryşlary guramak babatda mümkinçilikler dörediler.
Duşuşygyň dowamynda Arkadag şäheriniň tebigy aýratynlyklarynyň golf meýdançasyny gurmak üçin ähli zerur şertleri özünde jemleýändigi bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda Milli Liderimiz we Jon Riz geçirilen duşuşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolandygyny aýdyp, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler hem-de bu duşuşygyň täze başlangyçlara badalga bolandygyny nygtadylar.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti