«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde iň gowy makalalaryň we goşgularyň «Bitaraplyk — ýollarymyzyň şuglasy» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Bäsleşik 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilýär.
Bäsleşige paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan islendik ýaşdaky raýatlar, döredijilik işgärleri gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ozal başga neşirlerde çap edilmedik, möçberi 3 kagyzdan uly bolmadyk makalalary, goşgulary kabul edilip, hödürlenilýän eserlerde Ýer ýüzünde parahatçylygy we asudalygy dabaralandyrmakda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän netijeli işleriniň ähmiýeti çeper we giňişleýin beýan edilmeli. Hödürlenýän eserler şu ýylyň 30-njy noýabryna çenli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasyna gowşurylmaly.
Bäsleşige hödürlenilýän makalalaryň we goşgularyň iň gowulary «Aşgabat» gazetinde çap edilip, olar ýörite döredilen eminler topary tarapyndan saýlanyp alnar.
Bäsleşik hemişelik Bitaraplygymyzyň 31 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, dekabr aýynyň birinji ongünlüginde jemleniler. Oňa işjeň gatnaşanlara we tapawutly çykyş edenlere Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşurylar.
«Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany;
Habarlaşmak üçin «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň telefon belgileri: 39-95-31, 39-96-24;
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm