2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň FAO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili T.Kömekowyň guramanyň Baş direktory Suý Dunýuý bilen duşuşygy geçirildi.
Ilçi oba hojalygyny durnukly ösdürmek we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak ugrunda öňdebaryjy halkara tejribeleri ornaşdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge Türkmenistanyň taýýardygyny tassyklady.
Söhbetdeşligiň dowamynda FAO-nyň ýolbaşçysynyň 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Aşgabada amala aşyran saparynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň çäklerinde ýokary derejeli duşuşyklar geçirildi we Türkmenistanda FAO-nyň doly hukukly wekilhanasyny döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekildi.
Baş direktor Suý Dunýuý Türkmenistanyň uly mümkinçiliklere eýedigini we yzygiderli ösüş ýolunda ynamly öňe ilerleýändigini belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň durnukly ösüşi dowam etdirmek we halkara giňişligindäki ornuny berkitmek üçin berk binýada eýedigi nygtaldy.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýandygy bellenildi. FAO tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde goldamaga taýýarlyk tassyklanyldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi