Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň we Azerbaýjanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň wekiliniň gatnaşmagynda "tegelek stol" duşuşygy geçirildi.
Çäräniň dowamynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň ýurduň taryhy mirasyna we milli gymmatlyklaryna, parahatçylykly we durnukly ösüşe ygrarlylygyny görkezýändigi bellenildi. Döwletliligiň nyşany hökmünde türkmen atynyň aýratyn orny, däp-dessurlaryň we ruhy gymmatlyklaryň dowamlylygy nygtaldy.
"Tegelek stol" duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürýän halkara başlangyçlaryna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisinde öňe sürlen 2028-nji ýyly "Halkara hukugyň ýyly" diýip yglan etmek baradaky başlangyç halkara gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm goşant hökmünde bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen-azerbaýjan parlamentara we ylmy-ekspert hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.
Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi