Tbilisiniň Kino öýünde 25-nji fewralda «Medeniýet dünýäni halas eder» atly gruzin dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Kinofilmde Türkmenistanyň, Hytaýyň we Gruziýanyň medeniýetleriniň köpdürlüligi görkezilip, olaryň medeniýetara gepleşikleri ösdürmäge we ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge goşýan goşandyna aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow öz çykyşynda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda ýokary derejeli saparlaryň, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň, medeniýet işgärleriniň döredijilikli özara gatnaşyklary üçin şertleriň döredilmeginiň we ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmeginiň uly orun tutýandygyny belledi.
Ilçi bu filmiň halklary has-da ýakynlaşdyrmak we parahatçylygy berkitmek üçin berk binýat bolup durýan medeni diplomatiýanyň ösmegine uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti