Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 02-nji martynda
Türkmengala etrabynyň Medeniýet bölüminde sagat 09:00-dan 11:00-a çenli
aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar
berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Türkmengala
şäheriniň Magtymguly köçesiniň 21-nji jaýy.
Habarlaşmak
üçin:
800569-6-03-29;
800569-6-03-29.