Mary welaýatynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň zähmet we
ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 12-nji martynda sagat 9:30-dan 12:00-a çenli
aralykda Tagtabazar etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy: Tagtabazar etrabynyň Gulja
geňeşliginiň 6-njy meýdan düşelgesi.
Habarlaşmak üçin:
800568-52-1-05