Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 13-nji martynda Oguzhan
etrabynyň Şatlyk şäheriniň Medeniýet köşgünde sagat 09:00-dan
12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş
çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň,
özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä
wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy,
eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen
agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň Gazçylar bulwary
köçesiniň 52-nji jaýy.
Habarlaşmak
üçin:
800559 6-58-78
Okamak