Türkmenistanyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň zenan parlamentarileri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. 5-nji martda bolan bu onlaýn duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary hem-de milli Parlamentiň düzümi, alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem halkara guramalar, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy, Parlamentara Bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça giňeldilýändigi bellenildi.
Taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler.
Pakistan Yslam Respublikasynyň zenan parlamentarileri duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde zenan wekilleriniň görkezijisiniň ýokarydygyny, döwlet dolandyryşynda ýaş zenanlaryň ornuny aýratyn nygtamak bilen, munuň ýurtda gender deňligini üpjün etmekde we döwlet edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmakda gazanylan uly üstünlikdigini kanagatlanma bilen bellediler.
Onlaýn duşuşygyň dowamynda gender deňligini üpjün etmekde, zenanlaryň hukuklaryny goramakda geçirilýän çäreleriň we duşuşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Şeýle-de parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli esasda ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi. Bu başlangyjyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etjekdigi nygtaldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Mejlisi