2026-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Assambleýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynda başlyklygynyň çäginde parlamentara hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly çäreleri taýýarlamak we durmuşa geçirmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Kosaçýew türkmen tarapynyň taýýarlan başlyklyk konsepsiýasyna ýokary baha berdi we muny gaty manyly diýip atlandyrdy. Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Russiýanyň Aşgabat tarapyndan teklip edilen başlangyçlary doly goldamaga taýýardygyny aýtdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy