Ministrler Kabinetiniň 6-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şu ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetirilen kanun çykaryjylyk işleriniň netijeleri barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Jenaýat we Jenaýat iş ýörediş kodekslerine, şeýle hem migrasiýa, balyk tutmak, ygtyýarlylandyrmak we buhgalterçilik hasaba alnyşy ýaly ugurlara degişli birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Mejlisiň Başlygy 29-njy martda geçiriljek saýlawlara görlen taýýarlyk barada hem durup geçdi. Welaýatlaryň täze döredilen etraplarynda halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň, şeýle-de Mejlisiniň deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlaryň ýokary derejede guralmagy üçin saýlaw toparlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan kömek berilýär. Bu çäreleriň çäklerinde saýlaw kanunçylygyny düşündirmek boýunça syýasy-jemgyýetçilik işleri işjeňleşdirilýär.
Halkara hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, Çad we Indoneziýa Respublikalarynyň täze bellenilen ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi we daşary ýurt wekilhanalary bilen bäş sany ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan 14 sany okuw maslahatyna gatnaşyp, dünýä tejribesini öwrenmek üçin üç sany daşary ýurt iş saparyny amala aşyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz parlamentarileriň öňünde duran wezipeleriň ähmiýetini belläp, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti