6-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn gatnaşyklary babatda öňde goýýan wezipelerini, tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.
Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 21 — 23-nji ýanwarda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň ýurdumyzda saparda bolandygy aýdyldy. Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 66 wekiliýet döwletimize sapar bilen geldi we Türkmenistandan 165 wekiliýet daşary ýurtlarda boldy. Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 73-si geçirildi. Şeýle-de hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen bilelikde resmi gepleşikleriň we duşuşyklaryň 291-si guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti halkara resminamalaryň 20-si bilen ýetirildi.
Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Bulardan başga-da, hasabat döwründe Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary bilen gepleşikler geçirildi.
Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Hasabat döwründe Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky ilçisi hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, dünýäniň ähli döwletleri, halkara guramalar bilen deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi