Görogly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 18-nji martynda Görogly şäheriniň A.Ataýew
köçesiniň 71/B-njy jaýynda ýerleşýän Görogly etrabynyň zähmet we ilatyň iş
bilen üpjünçiligi bölüminiň edara binasynda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini
geçirýändigini habar berýär.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de
hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen
bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini.
Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa,
şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de
hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş
edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň
salgysy:
Görogly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen
üpjünçiligi bölüminiň edara binasy, Görogly şäheriniň A.Ataýew köçesiniň
71/B-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin:
(800340) 3-15-48.