Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Hökümet mejlisinde ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek, bu ugurda hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 44-nji maddasyna laýyklykda, aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak babatda döwlet gözegçileriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyryşyny üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we wise-premýere ätiýaçlandyryşyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti