Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowy Prezident wezipesine girişen güni bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Serdar Berdimuhamedowy ýurdyň Prezidenti wezipesine girişen güni bilen türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlady.

“Siziň başlangyjyňyz bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesi bellenilýän 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi türkmen halkynyň taryhy köklerine ygrarlydygyny, döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowamdygyny alamatlandyryp, täze eýýamyň aýdyň hakykatyny şöhlelendirýär. Bu bolsa ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ähli ugurlarda bedew batly ösüşleriň gazanylýandygyny görkezýär.

Siziň baştutanlygyňyzda täze taryhy döwürde Diýarymyzyň çar künjeginde döwrebap şäherler, şäherçeler, obalar döreýär, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, saglygy goraýyş merkezleri, iri senagat kärhanalary gurulýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň nyşany bolan taryhy ähmiýetli işler paýtagtymyzyň we welaýatlaryň barha özgermegine oňyn täsir etmek bilen, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrýar”, - diýip Gahryman Arkadagymyz nygtady.

“Siziň başda durmagyňyzda eziz Watanymyz parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýar. 2022-nji ýylyň martynda aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlary türkmenistanlylaryň döwletimiziň ykbaly üçin ýokary jogapkärçiligine düşünýändigini, jemgyýetimizde gadymdan gelýän demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Bu möhüm waka Garaşsyz Türkmenistanyň häzirki zaman taryhynyň ýyl ýazgysyna ägirt uly üstünliklere beslenen täze tapgyryň başlangyjy hökmünde ýazyldy”, - diýip türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Halk Maslahatynyň başlygy döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, ýurdymyzyň gülläp ösmegi, şan-şöhratynyň arşa göterilmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan döwletli tutumlarynyň has-da rowaçlanmagyny arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň