Türkmenistanyň we Hytaýyň "CNPC" korporasiýasynyň ýolbaşçylygy hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ädimleri kesgitlediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-e dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy.

Hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň “CNPC” korporasiýasy bilen özara tejribe alyşmagy dowam etdirmegi, hyzmatdaşlygy has-da ilerletmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimini, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat, tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Ýangyç-energetika ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz nebitgaz pudagynda özüni ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde görkezen “CNPC-niň” möhüm ornuna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýandygyny aýdyp, bu şanly sene mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Arkadagymyz hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda nebitgaz ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň nusgasydygy nygtaldy.

Daý Houlýan Türkmenistan bilen ýangyç-energetika pudagynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklap, ýolbaşçylyk edýän korporasiýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna hemişe jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti


Yza

Şeýle hem okaň