Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň ýokary derejedäki duşuşygy geçiriler. Bu barada özbek Lideriniň türkmen kärdeşine mukaddes Oraza baýramy mynasybetli iberen gutlag hatynda aýdylýar.
"Biziň ýakynda geçirjek ýokary derejedäki duşuşygymyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan hil taýdan täze strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmaga ýardam berjekdigine ynanýaryn" diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlag hatynda belleýär.
Özbek Lideri ýollan hatynda Türkmenistanyň Prezidentine we halkyna musulman dünýäsinde uly şatlyk bilen bellenilýän mukaddes Oraza baýramy mynasybetli arzuwlaryny beýan edip, doganlyk halklarymyzyň bu aýy hoşallyk duýgulary hem-de özara raýdaşlyk ruhunda geçirýändigini, Oraza baýramyny ylalaşyk, rehimdarlyk güni hökmünde şatlyk-şowhun bilen garşylaýandygyny nygtaýar.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, doganlyk türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rysgal-bereket arzuw edýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi